Many (@Many10362771) header
Many (@Many10362771) profile picture

manysyzlykdan many gözlemek...

Joined September 2020
Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)Photo by Many (@Many10362771)
Möwlananyň hekaýasynda bolşy ýaly, hemme kişi "üzüm" diýýär, ýöne hiç kim öňündäkiniň beý diýýänini bilenok...
1
14
Başga ýurtda, başga milletleriň arasynda birsalym ýaşan biri şeýle ýalňyşa düşüp bilýär: şol ýerdäki adamlara, şol ýerde bolýan zatlara seredip, öz ýurdunda-da şolar ýaly adamlar bardyr, şolar ýaly hadysalar bolýandyr öýtmek. Aslynda welin, bir milletiň sosiologiýasy hiç haçan+
1
5
+başga milletiňki bilen hutma-hut gabat gelmez.
2
Facebook, tüm hayatımızı nasıl gözetliyor. Dikkatle izlemenizi ve uygulayarak bu özelliği kapatmanızı öneririz...!!! Lütfen paylaşarak daha çok insanın bilgilenmesine yardımcı olalım.
37
1,066
57
3,128
"Näme diýsemkäm, diýip öňünden oýlanmak, näme üçin diýdimkäm, diýip soňundan puşman etmekden gowudyr". Sagdy
3
25
Her kim bir zat edip ünsi çekmegiň derdinde...
3
1
11
Adam öz durmuşynyň bitertipdigini biler-de, ony nädip tertibe salmalydygyny bilmez...
1
1
11
Ähmiýetsiz zatlar ähmiýetli temalaryň ganhory. Kişi näme bilen meşgul bolsa, onuň ruhy, duýgy-düşünjesi, bütin durky şol derejä düşer (ýa-da çykar) we ol adam şol meşgul bolýan zadyna görä birine öwrüler...
1
10
"Dost biperwaý, felek birehim, dewran bisükun, Dert çok, hemdert ýok, duşman kawi, talih zebun". Fuzuly
1
17
Öz öýünde basyrnyp ýatyrdy.Biraz suwsapdy.Daşaryk çykdy,uly ýap akyp ýatyrdy, suwuň nireden gelýäni belli däldi;piňinemi,basdy eňegini, ýaby ýuwudaýjak bolup "läbik" suwdan içdi.Birden başy aýlanyp ugrady, "suwuň" täsirimi, nämemi, gören zadyny ýykyp, gabat gelenine sögüp ugrady.
4
"Ogram özüne osar, orramsam". Hiç kim özüne erbet diýmez, hiç kim özüni erbetdir öýtmez, "Her kimiň öz bolşy, özüne hoş görüner". Niýetiň gowy bolany bilen bolanok; bolşuňyzam, özüňizi alyp barşyňyzam, hereketiňizem ahlagyňyzam düzüw bolmaly.
23
Bile okap görseň, ýiti ironiýa emele gelýän ýaly...
5
8
Ýüreginde hiç bir mukaddeslige ýer bolmaýan, emma bir ýerde mukaddeslik görse-de, gyzyl gören matador öküzi deý topulýan kişiler bar... Görgüsiýamanlar, özler-ä bir batgalygyň içinde, birentek çalgözem öz çukurlaryna çekjek bolýarlar.
1
1
23
"Beýnimdäki kitaphanaň taryh tekjesinde kän bir kitap ýok. Bary-ýogy birküç sanyjyk çapady galyňlygynda kitap, galan ýerler boşja. Ol bäş-üç kitabam uzyn bir taryhyň bäş-alty sahypasy, beýleki sahypalar garalşyp dur. Aslynda, adam öz köklerini hol çuňluklara uzadasy gelýär".
8
Kitaplaryň hakykatlary başga, real durmuşyňkylar başga. Ol, akyl gämisine münüp, kitaplardaky hakykatlaryň ummanynda ýüzüp ýörkä, şo-ol uzakdan, ýüzüp ýören ýerinden, real durmuşyň hakykatlary hakda agyz dolduryp gürrüň edýär...
2
7
"Kim gohlap, yzyny üzmän, owadan sözler bilen gürleýän bolsa, şol dogry zatlar aýdýandyr öýdülýän ýaşlardan biraz geçdim, dostum. Sadalygam belli bir ýere çenli.." diýdi. " — Hakyky pikir edip bilýänler asyrda bir-ikidir, galanlar pikir edilenleri pikir edýärler".
18
+Onsoňam sen entek özüň düzelmänsiň-ä, başga birini nädip düzetjek?! Diňe sögäýmeseň...
Bilmegiň suwsuzlygy bilen gören kitabyna topuldy. Pikirler ummanynyň jümmüşine sary akyl gämisinde ýola çykdy. Haçan-da harasat gopanda, özüniň kompassyz, kartasyz, ýolbeletsiz ýola çykandygyny bilip galdy. Gögüň ýüzünem bulutlar gaplap alypdyr, ýyldyzlaram görnenok.+
1
7
+Öz-özüne: "Ederini bilmeze ýagy ne hajat!" diýenini duýman galdy.
2
3
Her kimiň gyzyklanýan zady onuň nähili adamdygyny görkezýär...
1
10